Atşynaslara Arkadag şäherinden öýler berildi

09:2328.04.2024
0
17436

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Döwlet Baştutany bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli özüne sowgat berlen behişdi bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna hem-de talyp ýaşlaryna gowşurýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde ýurtda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýyň öýleriniň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň