Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda «Senagatbank» öňde barýar

17:1909.05.2024
0
9787

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat şäherinde futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary dowam edýär.

Ýaryşda ilkinji üç tapgyrda aşakdaky netijeler alyndy.

1-nji tapgyr:

«Deňizçi» ― «Turan» ― 8:2

«Köpetdag» ― TNGIZT ― 3:3

«Migrasiýa» ― «Senagatbank» ― 1:2.

2-nji tapgyr

«Deňizçi» ― «Köpetdag» ― 4:1

TNGIZT ― «Migrasiýa» ― 2:3

«Turan» ― «Senagatbank» ― 3:6.

3-nji tapgyr

«Köpetdag» ― «Turan» ― 5:1

«Migrasiýa» ― «Deňizçi» ― 1:11

«Senagatbank» ― TNGIZT ― 1:0.

«Janköýer» şu gün 4-nji tapgyryň çäklerinde «Senagatbankyň» «Deňizçini» 3:1 hasabynda ýeňendigini habar berdi. Häzirki wagtda tapgyryň «Turan» ― TNGIZT duşuşygy dowam edýär. Agşam sagat 18:00-da bolsa «Köpetdag» bilen «Migrasiýanyň» arasyndaky duşuşyk başlanar.

4-nji tapgyryň «Deňizçi» ― «Senagatbank» duşuşygynyň netijesini hem hasaba alsak (1:3), häzirki wagtda ýaryş tertibi aşakdaky ýagdaýda:

1. «Senagatbank» ― 4/12

2. «Deňizçi» ― 4/9

3. «Köpetdag» ― 3/4

4. «Migrasiýa» ― 3/3

5. TNGIZT ― 3/1

6. «Turan» ― 3/0.

Iň netijeli futzalçylar:

1. Kirill Çaryýew, «Deňizçi», 5 gol;

2. Abdylla Nursähedow, «Deňizçi», 4 gol;

3. Dawutguly Pürliýew, Alişer Hudaýbergenow, ikisi hem «Deňizçi»; Nepesgeldi Ataýew, «Senagatbank»; Maksat Amanow, TNGIZT, 3 gol.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň