Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

10:5109.05.2024
0
9050

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýylyň dördünji sany okyjylara ýetirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Žurnalyň ilkinji makalasy geçen aýda Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşa we onuň türkmen janköýerlerini begendiren netijelerine bagyşlandy. «Il saglygy ― ýurt baýlygy» atly makalada bolsa 7-nji aprelde ýurtda bellenilen Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, «Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri kuwwatlanýar» atly makala geçen aýyň iň iri wakalarynyň biri bolan Aşgabat ― Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtoýoluň Tejen ― Mary böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanypdyr.

Aprel aýyndaky iň iri baýramlaryň biri bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy neşiriň sahypalarynda giňişleýin şöhlelenýär.

Hemişe bolşy ýaly, neşirde täsirli makalalar we çykyşlar bezegler bilen baýlaşdyrylypdyr diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň