Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Arkadag» Ýeňiş gününi ýeňiş bilen garşylady

16:4509.05.2024
0
9300

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde bassyr 11-nji ýeňşini hem gazandy. Topar düýn myhmançylykda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahalyny» 4:0 hasabynda ýeňdi.

Altymyrat Annadurdyýewiň iki gezek tapawutlanan duşuşygynda ýeňiji toparyň beýleki iki goluny Didar Durdyýew bilen Begenç Akmämmedow geçirdi.

Duşuşykdaky goşa goly bilen Altymyrat Annadurdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi. Indi onuň hasabynda 13 gol bar.

11 duşuşykda 33 utuk toplan «Arkadag» topary bu ýeňiş bilen ýaryşdaky iň ýakyn bäsdeşlerinden 9 utuk öňe saýlanyp, liderligini dowam etdirýär. Ikinji orundaky «Ahal» bolsa möwsümdäki dördünji utulyşyndan soň 24 utukda galdy.

«Ahala» 14-nji tapgyrda güýçli garşydaş garaşýar. Topar 11-nji maý güni «Altyn asyryň» myhmany bolar. Şol duşuşykda ýeňiji bolan topar ýaryş tertibinde ikinji ornuň ýeke-täk eýesi bolar.

«Arkadag» topary bolsa indiki tapgyrda «Aşgabady» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň