Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines»: Stambuldan — dünýä ýüzüne

0
12093

«Turkish Airlines» — Türkiýäniň milli awiakompaniýasy. Baý mazmunly taryhynyň dowamynda awiakompaniýa bary-ýogy üç sany uçarly gatnawlaryndan başlap, dünýä awiasiýasynyň öňdebaryjylarynyň biri bolmagyna çenli şöhratly ýoly geçdi.

1933-nji ýylyň 20-nji maýy: «Turkish Airlines» awiakompaniýasy döredildi.

Ilkibada toparyň düzümine 30 adam giripdir.

Flot taslamanyň başdaky tapgyrynda 5 uçardan ybarat eken.

1947-nji ýyl: Ilkinji halkara uçuşy Stambul — Afiny aralygynda amala aşyryldy.

1951-nji ýylda kompaniýanyň düzümi ep-esli giňeldildi: flotuň düzümi 33 uçara çenli artdy we gatnawlar ulgamy täze ugurlary öz içine aldy — Nikosiýa, Beýrut hem-de Kair  şäherleri.

1953-nji ýylda Stambulyň Eşilköý halkara howa menzili guruldy we ol derrew halkara gatnawlaryny kabul edip başlady.

1955-nji ýyl örän möhüm ýyllaryň biri boldy — awiakompaniýa «Turkish Airlines» ady berildi we Halkara Howa Ulaglary Assosiasiýasyna (IATA) goşuldy.

1958-nji ýyldan başlap, flotuň düzümine 5 sany «Viscount 794» uçarynyň goşulmagy we uçar hereketlendirijilerine geçmegi bilen, awiakompaniýa ösüşiniň täze döwrüne gadam basdy.

1959-njy ýylda Mesut Manioglu «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň nyşanyny döredip, onda dag guwuny şekillendirdi. Nyşanda ýöne ýerden bu guş saýlanyp alynmady: bu guwlar 9000 metre çenli belentlige uçmak ukyby bilen meşhurdyr, bu bolsa awiakompaniýanyň yzygiderli ösmek we täze belentliklere ýetmek maksatlaryny alamatlandyrýar.

1961-nji ýylda «Turkish Airlines-yň» uçarmanlary Zihni Barin we Nurettin F-27 kysymly uçarda kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek transatlantik uçuşy amala aşyrdylar.

1972-nji ýylda awiakompaniýa adatdan daşary ösüş netijesini görkezdi: kompaniýanyň maýasy 200%-den 400 million lira çenli, ýagny 100% ýokarlandy.

1973-nji ýylda ilkinji gezek «Turkish Airlines-yň» flotunyň düzüminiň üsti Ýewropanyň «MakDonnell Duglas DC-10» uçary bilen ýetirildi.

1998-nji ýylda awiakompaniýanyň web saýty açylyp ulanyşa girizildi.

2003-nji ýylda awiakompaniýa gatnaw petegini satyn almagy has amatly we elýeterli edip, elektron petekleri hem-de onlaýn girişleri hasaba alyşlary ýola goýup başlady.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Ýewropa, Aziýa, Afrika we Amerika yklymlary boýunça 220 sany daşary ýurt we 42 sany içerki howa menzillerine yzygiderli howa gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

Awiakompaniýa dünýäniň 120 ýurduna uçuşlary amala aşyrýar. Bu bolsa islendik ýurduň howa gatnawyndan köpdür.

Bu awiakompaniýada 31 000 töweregi adam işleýär. Ýörite topar ýokary hilli ýolagçy hyzmatlaryny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar