Soňky habarlar

Arhiw

«GREENGO» dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy

16:4209.05.2024
0
14441

Bu dükana täze gelip gowuşan harytlar — jaýyňyza, bagyňyza ýa-da eýwanyňyza ajaýyp hem aýdyň ýagtylyk saçjak yşyklardyr.

«GREENGO» — ýokary hilli önümleriň köpdürli görnüşlerini elýeterli bahalardan hödürleýän yşyklandyryş we elektrik enjamlaryny öndüriji kompaniýa.

Täze önümleriň hatarynda fonarlar, prožektorlar we ş.m. ýaly daşky yşyklandyryş enjamlarynyň giň haryt görnüşleri bar. Olardan köçe çyralary dogrusynda aýdylanda, bu çyralar diňe bir töwerekde howpsuz we oňaýly gurşawy döretmäge ýardam etmän, eýsem bezeglik hökmünde hem uly ähmiýete eýedir.

«GREENGO» dürli stilde we reňkde döredilen torşerleriň, bralaryň hem-de spotlaryň köp hili görnüşini hödürleýär. Olaryň kömegi bilen ýaşaýyş jaýyny, ýatylýan otagy, aşhana ýa-da iş otagy bolsun öýüň islendik ýerini bezäp, ajaýyp keşbe getirip bilersiňiz.

Şeýle hem dükan energiýa tygşytlaýjy we LED lampalarynyň haryt görnüşiniň gerimini giňeltdi. «GREENGO» haryt nyşanly LED lampalar 90% az energiýa sarp etmek bilen, 50 000 sagada çenli uzak wagtlap hyzmat edýär. Mundan başga-da, «GREENGO» lampalarynyň gözlere zyýansyz bolan ýeňil açyk, aýdyň yşyk berýändigini bellemek gerek.

Dükanyň hünärmenleri yşyklandyryjy enjamlary saýlamakda myhmanlaryň bu ýerde hödürlenýän önümlerden hoşal boljakdygyny ynamly aýdýarlar.

«Taýýarlanylyşy özboluşly we üýtgeşik görnüşde bolan yşyklandyryş enjamlary öýüňizi diňe bir rahatlyk bilen gurşaman, şonuň bilen birlikde öýüň interýeriniň esasy bölegine öwrüler» diýip, dükanyň wekili pikirini paýlaşýar.

Harytlaryň bahalaryny mümkin boldugyndan amatly etmek üçin, «GREENGO» dükany müşderileri Aşgabadyň ähli ýerlerine harytlary eltip bermek we gurnamak hyzmaty bilen üpjün edýär. Dükan lýustralary we beýleki yşyklandyryş enjamlaryny satmakdan başga-da, haryt nyşanyna garamazdan islendik çylşyrymlylykdaky çyralar üçin abatlaýyş hyzmatlaryny hem hödürleýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Aýly Diýar» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 63) 60 06 22;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň