Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi

16:4008.05.2024
0
8466
Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi
Surat: newscentralasia.net

2024-nji ýylyň 6-7-nji maýynda Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.Amanjolowa), Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.Petrakow) hem-de Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.Atajanow) wekiliýetleri gatnaşdylar.

Mejlisde taraplar Hazar deňzine göni çykyş çyzyklaryny çekmegiň usulyýetini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler. Şeýle-de Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere hem garaldy.

Iş toparynyň indiki mejlisi 2024-nji ýylyň 24-27-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň