Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Altyn asyr» ýene ikinji orna şärik

16:5509.05.2024
0
9361

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi.

Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk myhman toparyň 5:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Altyn asyryň» gollarynyň ikisini Rahman Myratberdiýew, ýene ikisini Arslan Saparow, birini bolsa Wahyt Orazsähedow geçirdi.

Tapgyrda «Ahalyň» «Arkadag» toparyndan utulmagy bilen «Altyn asyr» ýene-de ikinji orna şärik boldy. Häzir iki toparyň hem 24 utugy bar.

12 duşuşykda «Altyn asyryň» utuklarynyň deň ýaryny toplap bilen «Nebitçi» bolsa ýedinji basgançakda galdy.

14-nji tapgyrda «Nebitçi» dynç alar, «Altyn asyr» bolsa «Ahaly» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň