Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Merw» bilen «Nebitçi» 900-nji duşuşygyny geçirdi

17:0109.05.2024
0
9448

13-nji tapgyrda Mary şäheriniň «Merw» we Balkanabadyň «Nebitçi» futbol toparlary Ýokary ligadaky ýubileý duşuşygyny geçirdi. Bu barada «Janköýer» habar berýär.

Iki topar hem bu tapgyrda türkmenistanyň çempionatynda 900-njy gezek meýdana çykdylar. Ýokary liganyň ähli möwsümlerinde yzygiderli çykyş edip gelýän bu iki topar çempionatyň iň kän duşuşyk geçiren agzalarydyr. Ikinji orundaky «Şagadamyň» 835 duşuşygy bar.

Üçünji orny bolsa «Ahal» futbol topary eýeleýär. «Ahal» şu tapgyrda milli çempionatymyzdaky 692-nji duşuşygyny geçirdi.

Gynansak-da, iki topar hem ýubileý duşuşygyny ýeňşe besläp bilmedi. 900-njy duşuşygynda «Nebitçi» öz janköýerleriniň öňünde «Altyn Asyrdan» 0:5, «Merw» bolsa myhmançylykda «Köpetdagdan» 0:2 hasabynda utuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň