Soňky habarlar

Arhiw

TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler

10:2509.05.2024
0
6211
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler
Surat: turkmenhabar.com

«TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Owganystanyň Dag-magdan senagaty we nebit ministrligi habar berdi.

Delawaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek Owganystanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

«TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir owgan tarapynyň däl, eýsem oňa gatnaşyjy üç ýurduň hem bähbitlerine hyzmat eder» diýip, ol belledi.

Taraplar taslamanyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini gözden geçirdiler we onuň ähli taraplary bilen bagly bilelikdäki tagallalary has gowy utgaşdyrmak üçin Iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna TOPH taslamasyna berilýän yzygiderli goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň