Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna sowgatlar gowşuryldy

14:1009.05.2024
0
17168

Şu günler Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna ýurdumyzda gurnalýan çäreleriň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna, paýhasly ýaşulularymyza, mukaddes ojaga wepaly enelerimize Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp gülleri gowşuryldy.

Aragatnaşyk pudagynda onlarça ýyl zähmet çeken Walentina Žerdowa we Marguşa Aýriýewa urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy barada yzygiderli aladasy we olaryň abadan ýaşamagy üçin döredýän ähli şetleri üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleri we mukaddes eneleri, türkmen ýaşlary üçin watansöýüjilik, edermenlik, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik we arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgeleriň belent nusgasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň