"Türkmenaltyn" gymmat bahaly metallardan ýüzlerçe görnüşli önüm öndürýär

17:4625.04.2024
0
54388

Türkmenabadyň «Türkmenaltyn» zawodynda zergärçilik önümleriniň dürli görnüşleri, esasan-da, gelin-gyzlaryň görküne görk goşýan, gymmatbaha metallardan ajaýyp şaý-sepleriň, behişdi bedewleriň bezeg şaýlarynyň, sowgatlyk önümleriň ýüzlerçe görnüşleri ýokary hil derejesinde taýýarlanýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiri ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu kärhananyň öndürýän önümleriniň hyrydary köp. Öndürilýän önümiň möçberi hem-de görnüşleri barha artýar. Munuň şeýledigini 2023-nji ýylda harytlyk önümiň öndürilişiniň ösüş depgininiň, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 131,49 göterime, şu döwür üçin taýýar önümleri ýerleşdirmegiň ösüş depgininiň hem 127,16 göterime barabar bolmagy, 2024-nji ýylyň başky üç aýynda bu görkezijileriň eýýäm geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 146,76 hem-de 136,33 göterime deň bolmagy tassyklaýar.

Kärhanada önümçiligiň ýokary görkezijilere eýe bolmagy işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň işe jogapkärli çemeleşip, yhlas bilen zähmet çekmekleriniň, şaý-sepleriň gadymy nusgalarynyň gözlenilip, onuň häzirki döwrüň belent ruhy bilen utgaşdyrylmagynyň netijeleridir.

Bu kärhanada 25 ýyl bäri zähmet çekýän Şemşat Hojamyradowanyň, 21 ýyl bäri işläp gelýän Babajan Jumaýewiň, 18 ýyl bäri bu kärhanada inçe sungat bilen meşgullanýan Zafar Amanowyň, Yhtyýar Osmanowyň atlary ussat zergärler, öňdebaryjylar hem-de halypalar hökmünde buýsanç bilen tutulýar.

Bu ýerde öndürilýän zergärçilik önümleri Türkmenabat şäherindäki «Altyn älemi» şahamça dükanynda, şeýle hem Aşgabat şäherindäki, Balkan we Mary welaýatlarynyň merkezlerindäki dükanlarda alyjylara hödürlenýär.

Kärhanada işler edara-kärhanalaryň, raýatlaryň buýurmalary esasynda hem alnyp barylýar. Bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bedew atlaryň bezeg şaýlaryny ýasamaklyga aýratyn üns berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň