Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara onlaýn-wiktorina geçiriler

17:4026.04.2024
0
10772

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Magtymguly diýip adym tutsalar...” diýen at bilen halkara onlaýn-wiktorinanyň geçiriljekdigi yglan edildi. Bu baradaky düzgünler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň web sahypasynda çap edildi.

Çäre beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet ministrlikleri, Telewideniýe, radiogepleşikler kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guralar.

Wiktorina synaglary Magtymgulynyň döredijilik mirasy, şeýle hem dünýä ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň Pyragy baradaky sözleri bilen bagly bolar. Soraglar türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanar. Ýeňijiler test netijelerine we ýumuşlaryň ýerine ýetirilip tamamlanmagynyň çaltlygyna baglylykda kesgitlener.

Onlaýn-wiktorina gatnaşmak isleýänler 14-nji maýdan öň yashlar.gov.tm web sahypasynda hasaba alynmaly.

Wiktorina 15-nji maýda Aşgabat wagty bilen sagat 15:00 --- 18:00 aralygynda geçiriler.

Ýeňijiler şahyryň ýubileýine bagyşlanan dabaralarda gymmatly baýraklar we degişli şahadatnamalar bilen sylaglanar. Ýaryşyň synlary we netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
web sahypasynda hem-de elektron žurnalynda çap ediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-88-73, 44-88-55.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň