Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan Türkmenistana 150 müň tonna armatur eksport eder

08:3110.05.2024
0
6426

Owganystanyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, owgan işewürleri Türkmenistana uly mukdarda dürli görnüşli armatur we mermer eksport eder. Owganystanyň söwda-senagat ministri wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Aziziniň 7-nji maýda Kabuldaky ýerli metbugata beren beýanatyna görä, türkmen we owgan telekeçileriniň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistana 150 müň tonna armatur we 100 müň kub metr mermer eksport etmek göz öňünde tutulýar. Ministriň sözlerine görä, bu önümler ýakyn wagtda Türkmenistana iberiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda geçirilen gepleşiklere laýyklykda, Türkmenistanyň we Owganystanyň hususy kärhanalarynyň arasynda gurluşyk materiallary hem-de azyk önümleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 10 sany ylalaşyga we Özara düşünişmek hakynda 2 sany Ähtnama gol çekişildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň