Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler

12:2907.05.2024
0
16643

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze tehniki okuw esbaplary we laboratoriýa enjamlary bilen tanyşmak üçin Germaniýa bardy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda institutyň täze toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýörite iş topary olary häzirki zaman okuw gurallary we enjamlary bilen üpjün eder. «Nahal» hojalyk jemgyýeti mugallymlara tehniki okuw esbaplary bilen üpjün etmegiň mümkinçiligini öwrenmek üçin Germaniýa sapar gurady.

Wekiliýet Phywe, G.U.N.T. Gerätebau GmbH we LD Didactic kompaniýalaryna baryp gördi. Ýörite hünärmenler kompaniýalaryň soňky gazananlaryny görkezdiler.

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini tehniki okuw esbaplary we laboratoriýa enjamlary bilen üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň