Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

22:0908.05.2024
0
12187

2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň prezidenti Professor Sibrandes Poppemanyň arasynda duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Professor Sibrandes Poppema mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny bellemek bilen, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge goşant goşjakdygyny aýratyn belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň