Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwa iş sapary tamamlandy

01:2110.05.2024
0
9966

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwa şäherine iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi. Iki günlük saparynyň dowamynda döwlet Baştutany 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentiň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Kremlden hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.

Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl wagt geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zarba uruldy. Uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.

Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabrynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanynyň uçary paýtagtyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidenti ýurduň resmi adamlary garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň