Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň iň owadan bedewi yglan edildi

21:1627.04.2024
0
14899
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň iň owadan bedewi yglan edildi
Surat: tdh.gov.tm
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem guraldy.
Bu ýerde ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi. «2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2017-nji ýylda doglan Gadymgala we Dürli diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli «Gadymy» atly mele at mynasyp boldy.
Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — «Toyota Highlander» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Annaýewe «Milli mirasymyz» atly at şaý-sep toplumy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy A.Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaş eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby K.Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby N.Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly foto işleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň telekinooperatorçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby W.Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň