Soňky habarlar

Arhiw

Ýanwar — aprel aýlarynda buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy öndürildi

15:3310.05.2024
0
8130
Ýanwar — aprel aýlarynda buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy öndürildi
Surat: atavatan-turkmenistan.com

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Lebap welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy, ýagny, 2 million 612 müň 62 manatlygy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 481 tonnasy öndürildi.

Degişli döwürde 8 million 4 müň 250 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen dört aýda buýan köküniň 1 müň 936 tonnasy, ekstraktynyň hem 210 tonnasy eksport edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň