Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler

13:3610.05.2024
0
9050
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler
Surat: etoday.kz

Wengriýa we Hytaý dürli pudaklarda, şol sanda ýadro energiýasyny parahatçylyk maksatlary üçin peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler. Resminamalara gol çekişlik Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň we 8-nji maýda Budapeşde resmi sapar bilen baran Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Ikitaraplaýyn ylalaşyklar şeýle-de maýa goýum, energetika, söwda, maliýe, gümrük gözegçiligi, oba hojalyk, jahankeşdelik, ylym, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlarynda gazanyldy. Olar iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyklary göz öňünde tutýar.

Taraplar Wengriýanyň we Hytaýyň arasynda Hökümet edaralarynyň habarlary alyşmak boýunça Memoranduma gol çekdiler.

Wengriýanyň Hökümet başlygy Wiktor Orban ýurduň ykdysadyýetine, şol sanda ýadro energetikasy ýaly täze ugurlarda hytaý maýa goýumlarynyň geljekde has-da artjakdygyna ynam bildirdi.

Bu barada TASS habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň