Soňky habarlar

Arhiw

«Ýönekeý» HK: Hytaýda abraýly bilime gapylary açyň

16:4310.05.2024
0
15161

Size täze hünär mümkinçiliklerini açjak ýokary hilli bilim hakynda arzuw edýärsiňizmi?

«Ýönekeý» HK Türkmenistandan dalaşgärleri abraýly talyplar jemgyýetiniň agzasy bolmaga we Hytaýyň iň gowy uniwersitetlerinde bilim almaga çagyrýar.

Hytaýda bilim almagyň artykmaçlyklary:

- bilimiň ýokary derejesi: öňdebaryjy maksatnamalar, tejribeli mugallymlar, döwrebap barlaghanalar.

- elýeterli bahalar: okuwlar Ýewropadakydan we ABŞ-dakydan has arzandyr.

- täze mümkinçilikler: Hytaýda we daşary ýurtlarda ýokary zähmet hakly iş tapmak mümkinçiligi.

- howpsuzlyk: Hytaý dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biridir.

Näme üçin Hytaýda bilim almak üçin «Ýönekeý» HK-ny saýlamaly?

- okuw maksatnamalarynyň giň görnüşleri: bakalawriat, magistratura, aspirantura, doktorantura. Maksatlaryňyza we gyzyklanmalaryňyza laýyk gelýän maksatnamalary saýlap bilersiňiz.

- Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk: Guangxi uniwersiteti we beýlekiler. «Ýönekeý» diňe ýokary hilli bilim bermegi kepillendirýän abraýly we ygtybarly uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

- okuwa girmegiň ähli basgançaklarynda professional kömek: ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamak, resminamalary hasaba almak, wiza goldawy. «Ýönekeý» HK-nyň hünärmenleri okuwa girmegiň ähli basgançaklarynda size zerur kömegi berip, artykmaç aladalardan halas eder.

- okuwa girilende hytaý dilini bilmek talap edilmeýär.

- amatly ýaşaýyş şertleri we dostlukly gurşaw: «Ýönekeý» size amatly ýaşaýyş jaýyny tapmaga we täze ýurtda rahat ýaşamaga kömek eder.

Talyplaryň her aýda VISA kartyny doldurmak arkaly Türkmenistanda ýaşaýan maşgalalaryndan maliýe kömegini alyp biljekdigini ýatdan çykarmaň.

Boş orunlar çäklidir, şol sebäpli has anyk maglumat almak üçin wagtynda okamak.yonekey.com bilen habarlaşmagyňyz maslahat berilýär.

«Ýönekeý» HK – Hytaýda bilim almakda ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň