Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýaly 98 ýaşly türgen zenan çakganlygy bilen hemmeleri haýran etdi

14:1010.05.2024
0
9164
Germaniýaly 98 ýaşly türgen zenan çakganlygy bilen hemmeleri haýran etdi
Surat: telegraf.news

Germaniýada ýaşaýan 98 ýaşly türgen zenan garrylygyň sport bilen meşgullanmak üçin päsgelçilik däldigini subut etmek kararyna geldi. On ýaşynda gimnastika bilen meşgullanyp başlan Ýohanna Kwaas häzir ýaş türgen gyzlar bilen bäsleşip bilerli. Ýeri gelende aýtsak, ol dünýäde iň garry gimnast zenan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girdi.

«Eger seniň tabyň oňat bolsa, durmuşda ýaşamak ýeňil. Meniň ýüzüm garry, emma kalbym ýaş. Men ömrümi tamamlaýançam sport bilen meşgullanmakçy» diýip, Ýohanna Kwaas gürrüň berýär.

Uzak ýaşly türgeniň buslarda çakgan hereketlerini internetde synlanlar ol barada birgiden ýakymly sözleri aýdýarlar. Mysal üçin, olaryň biri: «Ol 20 ýaşlylaryň käbirinden hem hyjuwly» diýip ýazdy.

Bu barada «Telegraf.news» portaly habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň