Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze doglan taýçanaga Ylham diýip at goýdy

19:4227.04.2024
0
10922

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Bu barada TDH habar berýär.

Onda ýurduň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidente ajaýyp bedewler, şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de täze şäheriň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi. Atşynaslary hormatly Prezidentden bu taýa at dakyp bermegi haýyş edildi.

Syn ediş meýdançasyna Karar we Gülgetir bedewleriniň neslinden bolan, şöhratly Ýeliň ugruna degişli taýçanak çykaryldy. Türkmenistanyň Prezidenti «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan bu taýçanaga Ylham diýip at goýdy.

Döwlet Baştutany halkyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, täze doglan Ylham atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek enäniň taýýarlan alajasyny dakdy.

Ozal Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, olaryň baş sanynyň has artandygyny habar beripdik.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze doglan taýa, şu ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen baglylykda, oňa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň