Hytaýly inženerler elektromagnit dartylma güýjünde işleýän köp tonnalyk wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/sag tizlige çenli çaltlandyrmagy başardylar we şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordyny goýdulyar. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi (CCTV) habar berdi.
Synag 400 metrlik synag ýolunda geçirildi. Magnit ýassykly platforma (maglew) bellenen tizlige ýetdi we soňra duruzyldy. Bu tehnologiýa Çanşa şäherindäki (Hunan welaýaty, Hytaýyň merkezi bölegi) Goranyş ylmy-tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Magnit lewitasiýasy ugrundaky ylmy-barlag işleri 10 ýylyň dowamynda alnyp baryldy.
Teleýaýlymyň berýän maglumatyna görä, bu işläp düzme elektromagnit dartylma güýjündäki wakuum transporty üçin täze mümkinçilikleri açýar we aerokosmos tehnikasyny uçurmak hem-de synagdan geçirmek üçin innowasion usullary hödürleýär. Şeýle üstünlikler ýokary tizlikli ulag ulgamlarynda we degişli pudaklarda ösüşi düýpli çaltlandyryp biler.

