
Mundan birnäçe ýyllar ozal paýtagtyň durmuşy gündelik işler üçin köp wagt sarp etmegi talap edýärdi: taksi çagyrmak üçin jaň edip garaşmaly, jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini tölemek üçin edaralara gidip nobatda durmaly bolýardy, awtobuslaryň tertibini hem diňe duralgalara baryp bilmek mümkindi. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar Aşgabadyň şäher gurşawyny düýpgöter özgertdi.
Häzirki zaman mobil goşundylary şäheriň ýaşaýjylarynyň wagtyny alýan esasy gündelik meselelerini çözýär: olar wagty tygşytlaýar, şäher boýunça gerek bolmadyk gatnawlary aradan aýyrýar hem-de gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bolýan dürli hyzmatlary hödürleýär. Bu makalada biz şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuşyny has-da ýeňilleşdirýän 20-den gowrak mobil goşundysyny we sanly hyzmaty öz içine alýan Aşgabadyň bitewi IT kartasyny düzmegi makul bildik.
Ulag hyzmatlary: Taksi çagyrmakdan başlap, uçara petek satyn almaga çenli
«Onlaýn taksi» hyzmaty paýtagtyň ulag ulgamyny sanlylaşdyrmakda ilkinji möhüm ädim boldy. Bu programma size awtoulagy ugrajak we barjak ýeriňizi görkezmek arkaly jaň edip çagyrmaga, onuň ýerleşýän ýerini häzirki wagt tertibinde yzarlamaga hem-de ýol töleginiň çaklanylýan bahasyny görmäge mümkinçilik berýär. Indi köçede eliňi galdyryp taksi tutmagyň ýa-da sürüji bilen bahany gepleşip kesgitlemegiň zerurlygy ýok — ähli şertleri öňünden mälim edip bolýar.
«Ýolagçy» şäheriň ýaşaýjylary üçin ýene bir möhüm wezipäni çözýär. Onuň kömegi bilen jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnaw ugurlary boýunça edýän hereketini yzarlamak mümkin. Programma awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýerlerini, ulaglaryň häzirki wagt tertibindäki gatnawyny görkezýär we size barmaly ýeriňize iň amatly ýoly meýilleşdirmäge ýardam edýär. Bu, esasanam, Aşgabada ýakynda göçüp gelenler ýa-da nätanyş ýerlerine tiz wagtda barmak isleýänler üçin has amatlydyr.
Şäherara we halkara gatnawlar
Paýtagtyň daşyna syýahat etmek üçin ýöriteleşdirilen hyzmatlar işlenip düzüldi. «Şäherara bilet» goşundysy şäherleriň arasynda gatnaýan awtobuslara petekleri satyn almak üçin niýetlenendir. Ol awtomenzile öňünden gelip, gatnaw petegini almak üçin nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrýar.
«Turkmenistan Airlines» goşundysy ýolagçylara howa gatnawlaryny meýilleşdirmek üçin, «Turkmenistan Railways» bolsa demir ýol ulagy arkaly gatnawy amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem howa we demir ýol gatnawlarynyň peteklerini «Saraý» mobil goşundysyndan onlaýn satyn almak mümkindir. Bu sanly hyzmatlaryň döredýän mümkinçilikleri örän düşnüklidir: öýüňizden çykmazdan ulagdan amatly ýolagçy ornuny saýlap, tertipleri deňeşdirmeli we petegiňiz üçin töleg geçiräýmeli.
Naharlary we önümleri eltip bermek hyzmaty: Smartfondaky supermarket
Naharlary we azyk önümlerini eltip bermek hyzmaty Aşgabadyň sanly ykdysadyýetinde iň çalt ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Munda özara bäsdeşlige giren birnäçe platformalar bolup, olar ýaşaýjylara baha, eltip bermegiň çaltlygyna hem-de harytlaryň assortimentine esaslanyp, giň saýlama mümkinçiligini berýärler.
Marketpleýsler
«Ynamdar» — bu eltip bermek hyzmaty bilen azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän, Türkmenistanda iň uly bolan marketpleýs hasaplanýar. Platformanyň özboluşly aýratynlygy dükanlaryň, dermanhanalaryň, kafeleriň we restoranlaryň öz şahsy web saýtlaryny döretmezden, bu ýerde ýöriteleşdirilen «Store» bölümi arkaly harytlarynyň satuwyny ýola goýup bilmegidir. Bu bolsa müşderiler üçin özlerine gerek bolan zady saýlamakda we telekeçiler üçin söwda etmekde amatly gurşawy üpjün edýär.
«Ynamdaryň» bäsdeşleriniň arasynda «Arzan Al Market», «Giper», «Asman Express», «100haryt» we «Gerekli» ýaly halkyň arasynda giň meşhurlyga eýe bolan onlaýn söwda meýdançalary bar. Olaryň her biriniň özüne mahsus assortimenti, eltip berýän çäkleri we aksiýalary bardyr.
Taýýar nahary eltip bermek hyzmaty
Restoranlardan we kafelerden taýýar naharlary sargyt etmek barada aýdylanda, bu ugurda häzirki wagtda «PAMADOR» hem-de «Delivio» platformalary bardyr. Ulanyjylar menýulary we eltip bermek hyzmatynyň aýratynlyklaryny tassyklamak üçin restoranlara jaň etmegiň ýerine programma arkaly ähli elýeterli garbanyşhanalary gözden geçirip, olaryň nyrhlaryny deňeşdirip, ýazylan teswirleri okamak bilen, birnäçe minudyň dowamynda sargyt edip bilerler.
Jemagat hyzmatlary we aragatnaşyk: Nobata durmak döwri ahyrlandy
Jemagat hojalygynyň hyzmatlary we telefonyň hasabyny doldurmak üçin töleg tölemek hemmeleriň her günki zerurlygy bolany üçin, bu hyzmatlar adatça şäher ýaşaýjylarynyň iň esasy wagtyny alýan amallardy. «Sanly şäher», «Töleg» we «Çapar Pay» ýaly programmalar döredileli bäri, bu kynçylyklar aradan aýrylyp, elektrik energiýasy, suw, jemagat hyzmatlary, internet we telefon üçin tölegleri internet arkaly tölemäge giň mümkinçilik açyldy.
Olaryň peýdaly taraplary şulardan ybarat: töleg etmek üçin hyzmat nokadyna gitmegiň, nobatda durmagyň ýa-da ofisleriň iş wagtyna gabatlap barmak üçin wagt sarp etmegiň zerurlygy ýok. Tölegleriň taryhy programmada saklanýar, bu bolsa çykdajylaryňyzy yzarlamagy aňsatlaşdyrýar. Köp hyzmatlar geljekki tölegler barada ýatlatmalary hem iberýär we tölegleriň gijikdirilmeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Bildirişler: Satyn almak we satmak indi sanly görnüşde
«Aýterek» we «TMCARS» platformalary ulanyjylaryň harytlary hem-de hyzmatlary satyn almak ýa-da satmak maksady bilen bildirişleri ýerleşdirip bilýän mugt meýdançasydyr. «TMCARS», esasan, awtoulag önümleriniň söwdasyna ýöriteleşendir, «Aýterek» bolsa has giň ugurlary öz içine alýar.
Sanly bildirişler görnüş, baha we beýleki aýratynlyklary boýunça süzgüçleriň kömegi bilen gözleg işini ep-esli ýeňilleşdirýär. Gazet bildirişlerine göz aýlamagyň ýa-da dostlaryňyzdan soramagyň ýerine, birnäçe minutda öz ýaşaýan ýeriňizden size gerek bolan laýyk teklibi tapyp bilersiňiz.
Ýer gözlemek we aragatnaşyk
«Golaý» goşundysy size şäheriňizdäki restoranlary, kafeleri we beýleki edaralary tapmaga kömek edýär. Programma olaryň ýerleşýän ýerlerini, menýularyny, iş wagtlaryny we müşderileriň ýazýan teswirlerini hödürleýär. Bu duşuşmak ýa-da dynç almak üçin ýer saýlamagy görnetin ýeňilleşdirýär.
«Start» — bu mobil goşundy aragatnaşyk üçin niýetlenen bolup, milli habar alyşma programmasydyr. Ol hat ýazyşmakda ulanyjylara oňaýly çözgütleri ýetirip, ýerli bazaryň aýratynlyklaryna we tomaşaçylaryň isleglerine laýyklykda habarlaşmaga mümkinçilik berýär.
Saglyk: Dermanhana indi jübiňizde
«Dertdeş dermanhana» — bu derman serişdelerini we dermanhanalary tapmak üçin niýetlenen goşundydyr. Ulanyjylar onlaýn dermanhana arkaly özlerine zerur bolan dermanlaryň bardygyny ýa ýokdugyny anyklap, dürli dermanhanalardaky bahalary deňeşdirip we golaýdaky dermanhananyň ýerleşýän ýerini tapyp bilerler. Bu, aýratyn-da, seýrek dermanlary gözläniňizde ýa-da zerur dermany çalt tapmaly bolan gyssagly ýagdaýlarda örän möhümdir.
Güýmenje: Sanly media giňişligi
«Belet» — ilkinji türkmen onlaýn kinoteatry bolup, filmleriň, teleseriallaryň, multfilmleriň we dokumental filmleriň giňişleýin toplumyny hödürleýär. Platforma Android, iOS, web hem-de IPTV ulgamlary üçin elýeterlidir.
«Belediň» esasy özboluşly aýratynlygy UEFA Çempionlar ligasynyň we Ýewropanyň bäş sany iň gowy futbol çempionatynyň mahabatsyz 4K formatda ýaýlyma berlişini ýetirýändigidir. Bu häzire çenli Türkmenistanda ilkinji gezek bolýan täzeçillikdir. Aýlyk işjeň ulanyjylaryň sany, takmynan, 700 — 800 müňe ýetip, tutuş ýurt boýunça tomaşaçylaryň giň gerimini özünde jemlemek bilen, bu hyzmat sanly taslamalaryň bazarynda esasy «oýunça» öwrüldi.
Näme üçin sanly hyzmatlar adaty usullardan has gowy?
Mobil goşundylara we sanly platformalara geçmek Aşgabadyň ýaşaýjylaryna birnäçe sany peýdaly artykmaçlyklary hödürleýär:
Wagty tygşytlamak. Indi gündelik hojalyk zerurlyklaryny amala aşyrmak üçin şäheriň beýleki çetine gitmegiň zerurlygy ýok. Taksi sargyt etmek, tölegleri tölemek, azyk önümlerini we petek satyn almak — bularyň ählisinden bary-ýogy birnäçe minutda peýdalanyp bolýar.
Gije-gündiz elýeterlilik. Sanly hyzmatlaryň köpüsi gije-gündiziň dowamynda işleýär, bu bolsa ofisleriň we dükanlaryň iş wagtlaryna uýgunlaşmagyňyzyň ýerine, işleri özüňize amatly wagtda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Bahalaryň we şertleriň çeýeligi. Goşundylarda hemişe hyzmatlaryň bahalary, önümleriň görnüşleri we eltip berme şertleri görkezilýär. Bu garaşylmadyk ýagdaýlary aradan aýyrýar we maglumatly çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Amallaryň taryhy. Sanly platformalar sargytlary, tölegleri we syýahatlaryň taryhyny ýatda saklaýar. Bu aýratynlyk býujeti meýilnamalaşdyrmagy we bu babatda jedelleri ýagdaýlar ýüze çykanda meseleleri çözmegi ýönekeýleşdirýär.
Onlaýn tölegleriň oňaýlylygy. Köp hyzmatlar onlaýn tölegleri ornaşdyransoň, nagt pul götermek zerurlygy aradan aýryldy we amallary islendik ýerden amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.
Teklipleriň deňeşdirilmegi. Platformalaryň arasyndaky bäsdeşlik ulanyjylara baha, eltip berme tizligi we hyzmatyň hili babatda iň gowy şertleri saýlap almaga mümkinçilik berýär.
«Turkmenportal»: siziň maglumatlar dünýäsindäki hemraňyz
Aşgabadyň IT kartasyna syn bermegimizi tamamlamak bilen, biz mobil programma hökmünde hem elýeterli bolan, Türkmenistanyň öňdebaryjy maglumat çeşmesi hasaplanylýan «Turkmenportal» informasion portaly barada hem aýdyp geçmek isleýäris.
«Turkmenportal» Türkmenistan we dünýä ýurtlary barada iň täze habarlary, seljerme makalalaryny, gysga wideolary we media eserlerini hödürleýär. Goşundy gije-gündiziň dowamynda yzygiderli täzelenýär, islendik wagtda iň soňky bolup geçen wakalar baradaky habarlara hem-de makalalara elýeterliligi üpjün edýär.
Hyzmatyň esasy aýratynlygy — 4 dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde alnyp barylýanlygydyr. Bu bolsa habarlardyr makalalary giň auditoriýa üçin elýeterli edýär. Ýakyn wagtda platformanyň çäginde bildirişleri we boş iş orunlaryny ýerleşdirmek mümkinçiligi hem dörediler. Munuň özi platformany ulanyjylar üçin has-da köpugurly eder.
«Turkmenportal» mobil goşundysy ýükläp almak üçin App Store we Google Play internet dükanlarynda elýeterlidir. Türkmenistanyň iň öňdebaryjy habarlar çeşmesi arkaly täzeliklerden habardar bolmak we ýokary hilli kontentleri görmek üçin bize goşulyň.