
Denim diýilende ilkinji bilen göz öňüne gelýän zat elbetde jins balaklary, bu dünýä belli egin-eşik öz gözbaşyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 1850-nji ýylda Lewi Straus ady bilen öndürilip tanalyp başlandy. Emma dünýä derejesinde tanalmagyna ol XX asyryň 70-nji ýyllarynda eýe boldy we häzirki wagta çenli hem dünýäniň tekstil senagatynda öňdebaryjy orny eýeleýär.
Denim sözi fransuz sözi bolup ol doly Serge De Nime diýilip bölünýär we ol Nimede öndürilen diýmegi aňladýar. JEANS sözi başgaça Geneous diýip bu hem fransiýanyň bir şäheri bolup durýar. Emma Amerikanlaryň sözleýiş äheňi sebäpli bu söz häzirki äheňini alypdyr. Ilki başda jins balaklary agyr şertlerde işleýän işgärler üçin dikilip denim materiýalaryndan bolanlygy sebäpli öz berkligi bilen tapawutlanypdyr. Emma 1878-nji ýyla çenli jinsiniň mahsus gök indigo reňki tebigy şertlerinde alynýanlygy sebäpli önümçilik gymmat düşýär. Germaniýaly himik Adolf won Baýer indigo reňkiniň sintetiki ýerini tutujy indigo reňkini oýlap tapаndan soňra jinsiniň önümçiligiň gymmatlygy görnetin ýagdaýda pese düşýär we bu önümiň önümçiliginiň mukdarynyň artmagyna getirýär, we ondan soňky ýyllaryň dowamynda kämilleşmegi esasynda dünýäde meşhurlyga eýe bolýar.

Türkmenistanda ilkinji we ýeke-täk DENIM materiýalyny öndürýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “GAP-TÜRKMEN” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy Jins Toplumy
“GAP-TÜRKMEN” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy Jins toplumy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Aşgabat-Türkmenbaşy gatnaw ýolunyň 13-nji kilometrinde ýerleşip, 3 sany esasy önümçilik fabriginden ybarat. 1995-nji ýylda Boýag we Dokma fabrigi, 1997-nji ýylda bolsa Ýüplik we Tikin fabrikleri doly gurlup işe girizildi.
Toplum esasan pagtadan nah ýüpligini egirmek, denim we oňa kybapdaş matalary dokamak we taýýar denim matalardan egin-eşik tikmek bilen meşgullanýar.
Ýüplük fabrigi, kompleksiň önümçiliginiň ilkinji basgançagy bolup durýar. Ýüplik fabriginde taýýarlanýan sapakalar pagtdan taýýarlanyp önümçilik ulgamlaýyn bolup olar Open-end we Ring ulgamlarydyr. Ulgamlardaky önümçilik tapgyrlaýyn görnüşde alynyp barylýar. Fabrikdäki ulanylýan maşynlar Ýewropanyň öňdebaryjy tekstil enjamlary bolup ýokary hilli önüm almaga ukyplydyr. Fabrikde Open-End ýagny howa arkaly egrilip taýýarlanýan sapaklaryň 41 sany görnüşi işlenilýär olar normal we şantukly sapaklar mundan başgada müşderiniň isleg bildirýän görnüşlerini işlemäge hem ukyply. Ring sapaklarynyň bolsa 32 sany görnüşi işlenilýär olar normal, şantukly we laýkraly sapaklar bolup täze görnüşli sapakalary öndürmäge ukyply. Ýüplik fabrigi 4/1 Ne-den 20/1 Ne-ä çenli sapaklary we olaryň bükümlerine sapaklaryň berýän effektlerine görä tapawutlanýar. Ýüplik fabrigi ortaça bir ýylyň dowamynda 12 müň tonnadan gowrak ýüplik öndürmäge ukyply. Fabrikde öndürilýän sapaklaryň ählisi bir tel görnüşinde öndürilýär.

Dokma fabrigi öziçinde birnäçe bölege bölünip olar Eriş bölümi, Boýag bölümi, Dokma bölümi, Soň işleme timarlama bölümi, we Hil barlag bölümine bölünýär. Dokma fabrigi bir ýylyň dowamynda 20000 müň m2 inedördülden gowrak mata öndürmäne ukyplydyr. Fabrikde dokalýan matalaryň 750-den gowrak görnüşi bolup olar esasan Denim we oňa kybapdaş mata materiýallarydyr. Fabrikde dokalýan matalaryň ýokary hilli bolmagyny we denim mata görnüşlerini köpeltmek boýunça işler alynyp barylýar. Dokma fabrigi 6,5 unsiyadan 16 unsiýa aralygynda matalary dokap taýýarlaýar.
Ýurdumyzyň senagatlaşmagy üçin edilýän işleriň esasanda tekstil senagatynyň ösdürilmegi dünýä standartlaryna gabat gelýän konkurensiýa ukyply önümleri taýýarlamak üçin ägirt uly işler edilýär. Muňa subutnama hökmünde hem 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 11-12-13 aralygynda geçirilen Türkmen Tekstil Ekspo-nyň ilkinji gezek işe başlamagy hem wajyp ädimleriň biri bolup durýar. Daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň dokma senagtyna çekilmegi ýurdumyzda ak altyna deňelýän pagtamyzyň diňe çig mal hökmünde dünýä bazaryna çykman eýsem täze tehnologiýalryň kömegi bilen ýokary hilli önüm alynyp dünýäde türkmen tekstiliniň mynasyp konkurensiýa döretmegine ýol açýar. Edil şunlukda hem ýurdumyzdaky denim matasyny öndürmäge ukyply Türkmenbaşy jins toplumunyň hem bu batabatda uly orny eýelemegi jins toplumynda döwür bilen aýakdaş täze tehnologiýalaryornaşdyrylmagy wajypdyr.
Türkmenbaşy Jyns Toplumynyň Ýüplik Fabrigynyň Önümçiligi Taýýarlamak Boýunça Tehnigi
Hommadow Nurýagdy Asyrgulyyewiç