


Meniň pikirimçe: Bar zadyň özi görünip-özi hakynda iň takyk maglumat berip durkan, hakykata deňeşdirmäň üsti bilen göz ýetirip bolýar!

Arhitektor, hudožnik, sungaty öwreniji, şahyr, publisist.
«Watana bolan söýgüsi üçin»- döwlet sylagy.
«Türkmeniň Altyn Asyry»- döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi.
«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»-döwlet sylagy.
«Hormatly zähmet weterany»- atly döwlet derejesi berilen
Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşmesiniň agzasy (1993-nji ýyl)
Türkmenistanyň Hudožnikler birleşmesiniň agzasy (2010-njy ýyl)

Maral Annanurowa, Türkmenistanyň halk hudožnigi, Ýakup Annanurowyň sungat maşgalasynda önüp ösen adam. Köpden bäri halk köpçüligine döredijiligiň dürli ugurlarynda özboluşly, gyzykly işleri bilen giňden tanalyp gelýän adam.. Ol özi barada şeýle diýýär: - «Men tebigy ýaradylşym, düşünje-sowadyň esasynda toplan tejribäm, maňa deňeşdirip, netije çykarmanyň üstünden ýagşa-ýamana parh etmegi öwredipdi». Şol sebäpli men il gözi üçin edilýän çig-çarsy zatlara kaýyl bolmaýan talapkär adam. Meniň talapkärligim, ilki bilen özümi we erkimdäki zatlary kämillige ýetirmekdi.
Şeýle talapkärligiň esasynda Maral Annanurowanyň täzelikde çykan «Zenan hekaýaty- Heňňam hekaýaty» atly kitaby hem onuň zehini siňen ähli işleri ýaly çuňňur pähim-paýhasa, uly yhlasa eýlenen eserleriniň üstüni ýetirýär.

Kitabyň butin durky-mazmuny, surat bezegi, goşgulary bilen awtoryň öz elinden çykmagy, döredijilikde örän seýrek duşýan sünnä işdigini aňladyp biler. Maral Annanurowanyň edebi döredijiliginiň dili-aýratyn bellemeli ýagdaýdyr. Beýan ediş usulynda, arassa edebi dilde ýazylan bu kitap, dürli talaply okyjylar üçinem gyzykly bolardy. Halkymyzyň uzak bolmadyk taryhy, oňa many beren takyk adamlaryň bir pursatlyk durmuşy barada söz açýan bu kitap barada awtoryň özi şeýle diýýär: «Elbet-de, bu kitap çeper eser bolmasa-da, çylşyrymly döwürde ýaşan ene-atalarymyzyň ömrüni memuar usulda köpçülige ýetirmek, meniň üçin esasy maksat bolupdy. Sebäbi, olar, «Beýik Watançylyk urşy», «Aşgabat ýer titremesi» ýaly apatlary ýeňip geçen-Ýeňijiler nesli bolup taryha giripdiler!

Ýaşlygym ene-atamyzyň üstünden medeniýetimize uly goşant goşan şahsyýetleriň arasynda geçensoň, olar baradaky käbir ýatlamalary köpçülige ýetirmegi, men özüme jogapkärli, abraý borjum hasap edýärin.


Kitabyň elektron görnüşini şu salgy arkaly ýükläp alyp bilersiňiz.

