
Ýer ýüzünde kinofilme tomaşa etmegi halamaýan adam, megerem, ýok bolsa gerek. Ýöne bu meselede her kimiň öz tomaşa etmek isleýän filminiň bardygy, hemmeleri şol bir filmiň 100% gyzyklandyryp bilmejekdigi hem hakykatdyr. Näme üçindir kinolaryň reýtingi düzülende, bu meselä birtaraplaýyn çemeleşilip, adaty, sada, bir gezek görmek üçin gyzykly bolan filmlere has ýokary baha berilýär. Onsoňam, haýsydyr bir ýurduň tomaşaçylarynyň san taýdan köp bolup, öz ýurdunda surata düşürilen filmi goldamaklary, şonuň esasynda-da ýüklenip alnan sanyndan ýa-da onlaýn film platformalarynda görlen sanyna görä reýtingiň düzülmegi filmiň doly derejede hemmeleri gyzyklandyryp bilmejekdigini mese-mälim görkezýär.
Şu nukdaýnazardan, makalamyzda saýlanyp alnan we tomaşa etmek üçin maslahat berilýän kinofilmleriň sanawyny «The New York Times», «Rolling Stone», «Cahiers du Cinema» ýaly millionlarça okyjylary bolan we iň tejribeli kino tankytçylary bilen hyzmatdaşlyk edýän öňdebaryjy neşirleriň düzen sanawlaryndan, şeýle hem tomaşaçylaryň isleg bildirýän žanrlaryndan ugur alyp taýýarlamagy makul bildik.
2025-nji ýylda dünýä kinematografiýasynyň saýlama filmleri — dürli žanrlary täzeçe düşündirip bilýän, çuň psihologik manylary özünde jemleýän filmlerdir. Bu ýyl diňe super gahrymanly blokbasterleriň ýa-da elhenç sahnaly trillerleriň tapgyry bilen däl-de, eýsem, baý mazmunly temalara ýüzlenýän, täsirli dramalar, sport älemine degişli realistik filmler hem-de nusgawy edebiýaty täzeçe görnüşde ekrana getiren garaňky gotiki filmler bilen hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Leonardo Di Kaprio, Oskar Aýzek, Bred Pitt, Maýkl B.Jordan, Jodi Komer ýaly meşhur aktýorlaryň gatnaşmagy bolsa bu filmleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Sanawa girizilen 10 film — bu diňe bir tomaşaçylary güýmemäge ukyply filmler däldir. Olar döwrebap adamyň ruhy ýagdaýyna, jemgyýetde dowam edýän tendensiýalara, tehnologik ösüşiň täze ýeten derejesine hem-de kino sungatynyň ösýän täze ugurlaryna düşünmäge mümkinçilik berýär. Tankytçylar tarapyndan ýokary baha eýe bolmagy, dünýä derejesindäki festiwallarda öňe saýlanmagy, tomaşaçylaryň berýän ýokary reýtingleri hem-de täze döredilen kino estetikasynyň täsiri bu filmleri ýylyň iň täsirli kinematografik hadysalary hökmünde öňe saýlaýar.
Ýeri gelende bellesek, sanawda görkezilen filmleriň ählisine «Belet Film» platformasy arkaly tomaşa edip bilersiňiz.
1. «Söweş üstüne söweş» (Битва за битвой) — bu üstümizdäki ýylda Pol Tomas Anderson tarapyndan surata düşürilen amerikan söweşli filmidir. Munda baş rollarda Leonardo Di Kaprio we Şon Penni çykyş edýär. Film Tomas Pinçonyň «Winlýandiýa» romanyna esaslanýar. Onda öňki rewolýusioner Bob Fergýusonyň (Di Kaprio) gyzyny öňki duşmany bolan polkownik Lokjodan (Şon Penn) halas etmek üçin köne ýoldaşlary bilen gaýtadan birleşmäge mejbur bolýandygy barada gürrüň berilýär.
Filmi dörediji: Ghoulardi Film Company we Warner Bros
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Pol Tomas Anderson
Gahrymanlary: Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Benisiýo del Toro, Teýana Teýlor
Žanry: söweşli, drama, triller
Reýtingi: IMDb: 8,2
Kassa ýygymy: 200 million dollardan gowrak
Dowamlylygy: 2 sagat 42 minut
2. «Günäkärler» (Грешники) — bu elhenç kino žanryndaky film Raýan Kugler tarapyndan surata düşürildi. Filmde Maýkl B.Jordan ekiz doganlaryň keşbinde çykyş edýär. Filmde 1932-nji ýylda jenaýatkär ekiz doganlar öz dogduk mekany bolan Missisipi şäherine gaýdyp gelýärler we adatdan daşary gorkuly hadysa duçar bolýarlar. Şeýle hem filmde Heýli Staýnfeld, Jek O’Konnell we Delroý Lindo dagy surata düşdüler.
Filmi dörediji: Warner Bros, Proximity Media, Domain Entertainment
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Raýan Kugler
Gahrymanlary: Maýkl B. Jordan (ekiz doganlaryň keşbinde), Haýli Steýnfeld, Jek O’Konnell, Delroý Lindo
Žanry: triller, elhenç, fantastika
Reýtingi: IMDb: 8,1
Kassa ýygymy: 361 million dollar
Dowamlylygy: 2 sagat 18 minut
3. «Formula 1» — bu amerikan sport dramasydyr. Filmde öňki ýaryş awtoulagyny sürüji (Bred Pitt) 90-njy ýyllarda bolan ulag heläkçiliginden soň sporta gaýdyp gelýär we autsaýder topary halas edýär. Şeýle hem ol ýaş topardaşyna halypalyk edip, oňa ýardam edýär. Jozef Kosinskiniň režissýorlyk eden filminde baş keşpde Bred Pitt, beýleki keşpde bolsa Damson Idris surata düşýär. Film 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda köpçülikleýin sahnalarda peýda boldy.
Filmi dörediji: Codemasters we EA Sports
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Jozef Kosinskiý
Gahrymanlary: Bred Pitt, Damson Idris, Hawýer Bardem, Kerri Kondon.
Žanry: sport dramasy, söweşli.
Reýtingi: IMDb: 7,9
Kassa ýygymy: 631 million dollar
Dowamlylygy: 2 sagat 35 minut
4. «Frankenşteýn» — bu meşhur režissýor Giliýermo del Toronyň režissýorlyk etmeginde ýazyjy Meri Şelliniň adybir romany esasynda surata düşürilen gotiki ylmy-fantastik dramadyr. Filmiň ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda boldy. Filmde Oskar Aýzek (Wiktor Frankenşteýn) we Jeýkob Elordi (Jandar) baş keşplerde çykyş etdiler. Sýužet emeli jandary döredip, soňra öz döreden zadyny ret edýän we onuň yzarlamagyna sebäp bolýan hirurgyň başdan geçirenlerini beýan edýär.
Filmi dörediji: Double Dare You, Demilo Films, Bluegrass 7
Surata düşürilen ýeri: Meksika, ABŞ
Režissýory: Giliýermo del Toro
Gahrymanlary: Oskar Isaak, Ýakob Elord, Mia Got, Kristof Waltz we beýlekiler
Žanry: elhenç, ylmy-fantastik, drama
Reýtingi: IMDb: 7,7
Dowamlylygy: 2 sagat 29 minut
5. «Supermen» — filmde Supermeniň başdangeçirmeleri gaýtadan işlenip düzüldi. Filme Jeýms Gan režissýorlyk etdi we baş keşbi Deýwid Korenswet janlandyrdy. 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda sahnalara çykan bu filmde Klark Kentiň irki durmuşy, onuň Kripton mirasyny ynsan durmuşy bilen utgaşdyrmak ugrundaky göreşi we Leks Lýutor bilen duşuşygy barada gürrüň berilýär. Bu film DC Studios»-yň täze «Hudaýlar we monstrlar» atly tapgyrynyň ilkinji bölümidir.
Filmi dörediji: DC Studios we Warner Bros
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Jeýms Gann
Gahrymanlary: Deýwid Korenswet (Supermen), Reýçel Brosnahan (Lois Leýn), Nikolas Holt (Leks Lýutor), Edi Gategi, Skaýler Gisondo, Mariýa Gabriela de Fariýa
Žanry: ylmy-fantastika, söweşli
Reýtingi: IMDb: 7,6
Kassa ýygymy: 616,6 million dollar
Dowamlylygy: 2 sagat 10 minut
6. «Ýyldyrymyň hökümdarlary» (Громовержцы) — «Marvel» studiýasy tarapyndan çykarylan super gahrymanly amerikan filmidir. Filmde antigahrymanlar (Ýelena Belowa, Jon Woker, Arwah, Taskmaster, Baki Barns we Gyzyl Goragçy) topary Merkezi aňtawçylyk gullugynyň direktory Walentina Allegra de Fonteýniň ýolbaşçylygynda özleriniň geçmişi we syrly super gahryman Bolt bilen ýüzbe-ýüz bolmak üçin birleşmäge mejbur bolýarlar. Filmiň ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda boldy.
Filmi dörediji: Marvel Studios
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Jeýk Şreýer
Gahrymanlary: Juliýa Lui Dreýfus, Florens Pýu, Sebastiýan Sten, Waýat Rassel, Olga Kurilenko, Lýuis Pullman, Dewid Harbor, Hanna Jon-Keýmen
Žanry: ylmy-fantastiki, söweşli
Reýtingi: IMDb: 7,6
Kassa ýygymy: 371 million dollar
Dowamlylygy: 2 sagat 6 minut
7. «Ýyrtyjy» (Хищник: Планета смерти) — bu baş keşpde ilkinji gezek ýyrtyjynyň çykyş edýän filmi bolup, 2025-nji ýylda surata düşürilen filmleriň hatarynda kino tankytçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu filmde öz klanyndan kowulyp, öz gadyr-gymmatyny subut etmek üçin Genna planetasyna iberilýän Dek atly ýaş ýyrtyjy barada gürrüň berilýär. Ol ýerde Dek garaşylmadyk ýagdaýda ýoldaş tapynýar we olar bilelikde howply jandarlar, şol sanda mifiki iň ýokary derejeli ýyrtyjy Kalisk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Filmi dörediji: 20th Century Studios
Surata düşürilen ýeri: ABŞ, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Kanada, Germaniýa
Režissýory: Den Trahtenberg
Gahrymanlary: Elle Fanning (iki keşbi janlandyrýar: android Tia we onuň uýasy Tessa) we Dimitriýus Kolomatangi (Dek)
Žanry: ylmy-fantastiki, söweşli
Reýtingi: IMDb: 7,5
Kassa ýygymy: 163 million dollar
Dowamlylygy: 1 sagat 47 minut
8. «Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk: jemleýji hasaplaşyk» (Миссия невыполнима: Финальная расплата) — bu film ozalky franşizanyň sekizinji bölümi bolup, onda Etan Hant (Tom Kruz) we onuň topary dünýäniň ýadro arsenallaryna howp salýan «Entity» emeli aňyny tapmaga hem-de onuň öňüni zyýansyzlandyrmaga synanyşýarlar. Waka öňki bölümdäki wakalaryň dowamy bolup gidýär, şonda «Entity»-nyň kody batyp giden rus suwasty gämisi «Sewastol»-da ýerleşýär. Filme Kristofer Makkworri režissýor we ssenariçi hökmünde gaýdyp geldi. Filmde Hanna Woddingem, Heýli Atwell we Saýmon Pegg ýaly aktýorlar hem surata düşdüler.
Filmi dörediji: Paramount Pictures we Skydance Media
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Kristofer Makkworri
Gahrymanlary: Tom Kruz, Saýmon Pegg, Heýli Atwell, Wanessa Kirbi, Pom Klementif, Nik Offerman, Hanna Woddingem, Esaý Morales
Žanry: aňtawçylyk, başdangeçirme, triller
Reýtingi: IMDb: 7,4
Kassa ýygymy: 598,8 million dollar
Dowamlylygy: 2 sagat 50 minut
9. «Gara çemodan» (Чёрный чемодан — двойная игра) — 2025-nji ýylda Stiwen Soderberg tarapyndan surata düşürilen amerikan aňtawçylyk häsiýetli triller filmidir. Britan aňtawçy agenti Jorj Wudhaus (Maýkl Fassbender) öz ofisinde dönügiň peýda bolandygyny anyklaýar we onuň hereketleriniň gizlin «Severus» taslamasynyň özge ellere düşmegine sebäp bolup biljekdigi barada oýlaýar. Ol munda bäş sany kärdeşini şübhe astyna alýar, şolaryň arasynda Jorjuň öz aýaly Ketrin Wudhaus (Naomi Harris) hem bar. Jorj dönügi anyklamak üçin goşa oýna başlaýar, derňewini gizlin saklamaga synanyşýar we aýalyny gözegçilikde saklaýar. Film ýurda howp salýan dildüwşügiň fonunda är-aýalyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklara we borç bilen söýginiň arasyndaky gapma-garşylyga ünsi çekýär.
Filmi dörediji: Fox Features
Surata düşürilen ýeri: ABŞ
Režissýory: Stiwen Soderberg
Gahrymanlary: Maýkl Fassbender, Naomi Harris, Gustaw Skarsgard
Žanry: aňtawçylyk, triller, drama
Reýtingi: IMDb: 7,3
Kassa ýygymy: 35 million dollar
Dowamlylygy: 1 sagat 34 minut
10. «28 ýyldan soň» (28 лет спустя) — bu britan-amerikan elhenç sahnaly filmi bolup, «28 gün soň» franşizasynyň dowamydyr. Waka adamlary ganhor zombilere öwürýän wirusyň ýaýramagyndan 28 ýyl soň bolup geçýär. Filmde Aaron Teýlor-Jonson, Jodi Komer we Ralf Faýns dagy baş keşpleri janlandyrdylar. Filme Denni Boýl režissýorlyk etdi, onuň ssenarisini bolsa Aleks Garland ýazdy.
Filmi dörediji: Sony Pictures, Columbia Pictures, Decibel Films, DNA Films hem-de British Film Institute (BFI)
Surata düşürilen ýeri: Beýik Britaniýa, ABŞ
Režissýory: Denni Boýl
Gahrymanlary: Aaron Teýlor-Jonson, Jodi Komer, Ralf Faýns, Jek O’Konnell
Žanry: elhenç, başdangeçirme
Reýtingi: IMDb: 7,1
Kassa ýygymy: 160 million dollar
Dowamlylygy: 1 sagat 55 minut
Peýdalanylan çeşmeler: nytimes.com; rollingstone.com; cahiersducinema.com.