
Bitaraplyk adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhynyň ähli döwürlerinde halkara gatnaşyklaryň iň möhüm syýasy-hukuk ýörelgeleriniň biri bolup geldi. Ol dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletleriň öz daşary syýasatyny parahatçylykly ýol bilen alyp barmak, harby gapma-garşylyklardan daşda durmak hem-de halkara gatnaşyklarda deňagramlylygy üpjün etmek islegi Bitaraplyk ýörelgesiniň giňden ornaşmagyna getirdi. Bu gün Bitaraplyk diňe bir syýasy ýörelge bolman, eýsem halkara giňişlikdäki ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýan zamanasynda hyzmatdaşlygyň täze medeniýetini döredýän gymmatlyk hökmünde has-da uly ähmiýete eýe bolýar.
Bitaraplygyň taryhy kökleri
«Bitaraplyk» düşünjesi halkara adalga hökmünde soňky ýüzýyllyklaryň dowamynda dörän hem bolsa, onuň kökleri has gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Uly ýitgilere getirýän, ykdysady ösüşi togtadýan söweşleredir dawa-jenjellere adamzat jemgyýeti taryhyň irki döwürlerinde akyl ýetiripdir. Gadymy Gresiýada hem-de Rimde käbir şäher-döwletler harby ýörişlerden hem-de gapma-garşylyklardan ýüz öwrüp, parahatçylykly durmuşda ýaşamaga ymtylypdyrlar. Emma halkara gatnaşyklaryň has kadaly ulgamynyň emele gelmedik zamanlarynda bitaraplyga ýykgyn eden döwletleriň bu meýilleri birtaraplaýyn häsiýete eýe bolupdyr. Çünki duşmançylykly çozuşlar, beýleki döwletleriňdir jemgyýetleriň täze ýerlere eýeçilik etmek ugrundaky maksatlary biygtyýar söweşleriň dowam etmegine täsirini ýetiripdir.
Gadymyýetde bitarap ýaşamagyň, parahatçylygy goramagyň döwletiň hemmetaraplaýyn ösüşinde iň möhüm zerurlyklaryň biri bolandygyny taryhyň gatlarynda gymmatly eserleri döredip miras galdyran akyldarlaryň pikir-garaýyşlary hem aýdyň tassyklaýar. Mysal üçin, ajaýyp ideýalary adamzat durmuşyny hemişe özgerdip gelen Platon özüniň «Döwlet» atly eserinde kadaly, durnukly ýaşaýşy we adalaty iň ýokary gymmatlyklar hasaplaýan ideal jemgyýeti suratlandyrypdyr. Ol şeýle döwletde gapma-garşylyklara düýbünden ornuň ýokdugyny we diňe döwleti döredýän her bir adamyň öz işine gümra bolmalydygyny belläpdir. Platonyň ideal hasap eden döwletinde Bitaraplyk öz-özünden bolmaly ýagdaý, has takygy hökmany ýörelge bolup durýar. Sebäbi ol şeýle döwletde daşarky howplary ýa-da içki gapma-garşylyklary göz öňüne getirmändir. Şunuň bilen baglylykda, onuň adalatlylyk we kadaly durmuş baradaky pikirlerini parahatçylykly ýaşaýşa ymtylmak hökmünde Bitaraplyk ýörelgesi bilen gönüden-göni baglanyşdyryp bolar.
Bu düşünje Daosizm filosofiýasynyň hem esasy sütünleriniň biridir. Daosizm u-wei (hereketsizlik) ýörelgesini giňden wagyz edipdir, bu bolsa daşarky hereketleriň ýokdugyny we wakalaryň tebigy ýagdaýda parahatçylykly dowam etmegine islegiň bolandygyny görkezýär. Bu häzirki Bitaraplyk ýörelgesiniň hem esasy şertleriniň biri bolup, beýleki döwletleriň işlerine goşulyşmakdan saklanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga ýardam edýär. Gadymy eýýamyň akyldarlary öz eserlerinde «Bitaraplyk» adalgasyny häzirki zaman manysynda ulanmadyk bolsalaram, olaryň pikirleri bitarap bolmak, durnuklylyk, asuda ýaşamak we gapma-garşylyklardan gaça durmak ýaly düşünjeler bilen örän ýakyn baglanyşyklydyr.
«Bitaraplyk» düşünjesinden gelip çykýan bitarap söwda hukuklarynyň binýatlaýyn esaslary hem irki döwürlere degişlidir (XI — XIV asyrlar). Bu babatda Ispaniýanyň deňiz syýasatynyň «Consolato Del Mare» ýygyndysy bolup, ol şu hili düzgünleri kesgitläpdir:
1. Bitaraplygy aňladýan baýdak deňiz ulagynda bikanun ýükleriň depesinde parlamaly däl, şonuň üçin ol konfiskasiýa edilip bilner;
2. Duşman gämisinde ýerleşen hem bolsa bitarap hasap edilýän emläk konfiskasiýa edilmeýär;
3. Bitarap emläk eýesi söweşýän tarapdan ele salnan gämini töleg hökmünde alyp bilýär.
Muňa garamazdan, sebitiň beýleki käbir ýurtlary bu ýörelgelere garşylykly bolan öz ýörelgelerini yglan edipdirler. Netijede, hemmeler üçin oňaýly syýasaty ýöretmäge ýol açjak bitewi halkara hukuk ýörelgeleri kabul edilmezden, bitaraplygyň resmileşdirilen nusgasy babatda anyk çözgüt gazanylmandyr.
Parahat ýaşaýşyň iň ýokary gymmatlygy urgunda
Halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk düşünjesi XVIII-XIX asyrlarda kadaly görnüşe gelip başlady. XIX asyryň başyndan başlap, Napoleonyň Beýik Britaniýa garşy söweş alyp baran döwründe, ýagny bu söweşiň «Kontinental ulgama» getiren mahaly Beýik Britaniýa ylalaşyklary goldap çykyş edipdir. Gündogar urşy döwründe ol Fransiýany goldaýan ýurt hökmünde ahyrsoňy yklymda işlenip düzülen ýörelgeleri kabul edipdir. 1856-njy ýylyň 4 — 16-njy aprelinde Pariž Kongresinde kabul edilen Jarnama bilen bu ýörelgeler dabaraly ýagdaýda hökmany halkara kanunlar diýlip tassyklanyldy.
Şondan bäri hem bitaraplyk «eldegrilmesizlik» düşünjesiniň manysyna eýe bolup, şu ýörelge boýunça Belgiýa we Lýuksemburg şertli ýagdaýda halkara şertnamalary bilen Bitarap döwletler hasap edildi. 1864-nji ýylyň Ženewa Konwensiýasyna laýyklykda bolsa uruş döwründe lukmançylyk we sanitariýa kömegi ulgamynda gulluk edýän ähli edaralar we şahslar hem ykrar edildi.
Bitaraplygyň esasy ýörelgesi, söweşýän taraplaryň birine ýa-da beýlekisine mümkin bolan hoşniýetliligi aradan aýyrmazdan, harby hereketlere düýbünden gatnaşmazlykdyr. Ol şu ýörelgelerde jemlenýär:
1. Bitarap döwlet öz çäginde söweşýän taraplaryň duşmançylykly hereketlerine ýa-da olaryň dowam etmegine hiç hili ýol bermeli däldir, şeýle hem olaryň bitarap çäkden daşardaky işlerine päsgel bermezlige borçludyr;
2. Bitarap döwlet öz raýatlarynyň şeýle uruşlara gatnaşmagyna rugsat bermeli däldir;
3. Bitarap döwletiň, harby hereketleriň mümkinçilik berýän derejesinde, söweşýän taraplar bilen parahatçylykly gatnaşyklary dowam etdirmäge we uruş kontrabandasy hem-de kanuny taýdan yglan edilen blokada baradaky düzgünleri bozmazdan, olar bilen söwda etmäge hukugy bardyr.
1815-nji ýylyň «Wena Kongresi» Şweýsariýanyň Bitaraplygyny resmi taýdan ykrar edip, häzirki zaman Bitaraplygynyň ilkinji nusgasyny döretdi. Şweýsariýanyň hemişelik Bitaraplygy soňra halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary bilen berkidilip, bu döwlet dünýäde ilkinji doly derejede Bitarap döwlet hökmünde tanaldy.
Bitaraplyk hukuk derejesi diňe harby taýdan däl, eýsem ykdysady taýdan hem örän peýdalydyr. Ol, esasan, şu gatnaşyklarda aýdyň ýüze çykýar:
daşary ýurt maýadarlarynyň ynamynyň artmagy;
ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döremegi;
halkara maliýe merkezlerine öwrülmek mümkinçiligi.
Şu nukdaýnazardan, Şweýsariýa bu ugruň iň üstünlikli mysaly hökmünde dünýä ýüzünde täsirli orna eýe boldy.
Birinji we Ikinji jahan uruşlary dünýäde syýasy çökgünlikleri örän güýçlendirensoň, käbir döwletler harby hereketlere goşulyşmazlyk we öz syýasatyny parahatçylykly ýol arkaly ýöretmek üçin Bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldylar. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki döwürde, sözüň umumy manysynda, 14 sany döwlet (Şweýsariýa, Awstriýa, Türkmenistan, Kosta-Rika, Irlandiýa, Lihtenşteýn, Malta, Islandiýa, Serbiýa, Moldowa, Watikan, Andorra, Monako, San Marino) bitaraplyk syýasatyny ýöredýän döwletler hasap edilýär. Muňa garamazdan, bitaraplyga eýermekdäki şertleri olaryň doly ykrar edilýän Bitarap döwletdigini hem aňlatmaýar.
Türkmenistan — BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwletdir
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi häzirki wagtda dünýä ýüzünde hemişelik Bitaraplygyň iň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edilýär. Döwletiň bu ugurdaky wezipelere we borçlara ygrarlydygy onuň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3 gezek ykrar edilmegine getirdi. Bu ýurduň halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly başlangyçlary hem-de tagallalary bilen şertlenýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny resmi taýdan ykrar edip, onuň Garaşsyzlygyna we saýlap alan daşary syýasat ugruna hormat goýmagyň möhüm gymmatlygy bolup taryha ýazyldy. Guramanyň 185 agza döwleti tarapyndan goldanylan bu resminama ýurduň halkara hukuk derejesiniň berk esasda goýlandygynyň subutnamasydyr.
2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny berkidýän ikinji Kararnamasy kabul edildi. Bu resminama ýurduň parahatçylyk döredijilik syýasatyny, energetika serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegini we halkara ulag geçelgeleriniň ösüşini goldap, Türkmenistanyň bitaraplygynyň ykdysady- syýasy ähmiýetine aýratyn ünsi çekýär. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa BMG Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny üçünji gezek tassyklady. Bu Kararnamada bolsa Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyna goşýan goşandy, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekdäki hyzmaty nygtalýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara derejede möhüm syýasy çäreler hem yzygiderli yglan edilýär: 2017-nji ýylda 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip bellenildi. Şu ýyl — 2025-nji ýyl bolsa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle-de Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi tejribe alyşmakda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini emele getirdi.
Türkmenistan bu günki günde sebit howpsuzlygy ugrunda möhüm başlangyçlary öňe sürýär — energetika howpsuzlygy, ulag geçelgeleri, suw diplomatiýasy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şu agzalan ulgamlarda we beýleki ugurlarda umumy bähbitli çözgütleriň gazanylmagynda Türkmenistan öz nusgalyk syýasaty bilen başlangyçlaryň merkezi hökmünde BMG tarapyndan uly hormat-sarpa yzygiderli mynasyp bolýar.
Peýdalanylan çeşmeler: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly gollanma; tdh.gov.tm; wikipedia.org; newscentralasia.net.