21 — 23-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VII sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Tähranda iş saparynda boldy.
HHM-iň habar bermegine görä, iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Kýazim Garibabadi hem-de Eýranyň DIM-iniň öňdebaryjy bilermenleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda VII Hazar sammitiniň gün tertibinden orun aljak resminamalaryň toplumyny ylalaşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa durnuklylygyny saklamak hem-de ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek boýunça çemeleşmelerde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, diýlip habarda bellenilýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, Aşgabatda geçirilen VI sammitiň jemleri boýunça VII Hazar sammitini Eýran Yslam Respublikasynda geçirmek barada ylalaşylypdy.

