Köýtendag kän müdirliginde 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 714 müň 350 kub metri öndürildi. Şol sanda çagyl daşlarynyň 214 müň 470 kub metri, ýuwulan çägäniň 317 müň 450 kub metri, çagyl-çäge garyndysynyň 135 müň 480 kub metri, şeýle-de but daşlarynyň 46 müň 970 kub metri taýýarlanyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Geçen döwürde önümçiligiň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri 18 million 266 müň 560 manatlyk iş ýerine ýetirildi. Manat möçberinde meýilnama 102,6 göterim berjaý edildi. Degişlilikde, ösüş depgini 119,8 göterime ýetirildi. Müdirlikde öndürilýän gurluşyk serişdeleri ýurtda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda giňden ulanylýar.
Önümçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagynda gerek bolan çig mal müdirligiň karýer daş hojalygyndan, çagyl-çäge garyndysynyň alynýan daş käninden gazylyp alynýar.

