Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Olimpiada 17-nji dekabrda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, oňa 9 döwletiň 53 ýokary okuw mekdebinden 200-den gowrak talyp gatnaşdy.
Daşary ýurtlaryň 33 sany ýokary okuw mekdebinden 126 talyp çykyş edip, olaryň 69-sy baýrakly orunlara eýe boldular. Has takygy: 13 sany birinji, 27 sany ikinji we 29 sany üçünji orun.
Türkmenistanyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden 77 talyp gatnaşyp, olaryň 14-si ýeňijileriň hataryna girmegi başardylar. Has takygy: 2 sany birinji, 3 sany ikinji we 9 sany üçünji baýrakly orun.
Guramaçylar bu olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge güýçli itergi berendigini bellediler.

