Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda 12 medal gazandylar.
71 kilogram agram derejesinde çykyş eden Bunýat Raşidow silterläp götermekde (145 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (314 kg) iki altyn medal, itekläp götermekde (169 kg) bolsa kümüş medal bilen sylaglandy.
63 kilogram agram derejesinde çykyş eden Medine Amanowa silterläp götermekde (91 kg), itekläp götermekde (111 kg) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça (202 kg) üç kümüş medala mynasyp boldy. 53 kilogram agram derejesinde çykyş eden Ogulşat Amanowa silterläp götermekde (77 kg), itekläp götermekde (93 kg) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça (170 kg) üç bürünç medal gazandy.
79 kilogram agram derejesinde çykyş eden Gaýgysyz Töraýew itekläp götermekde (190 kg) kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (330 kg) bürünç medal bilen toparyň üstünligine goşant goşdy. 58 kilogram agram derejesinde çykyş eden Zybagül Soýmuşowa silterläp götermekde (78 kg) bürünç medal gazandy.
Kataryň Kubogy üç abraýly ýaryşy özünde jemleýär: 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogy, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionaty, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionaty.
Ýaryşa 28 ýurtdan 234 türgen gatnaşýar. Bäsleşikler 27-nji dekabrda tamamlanar.

