Türkmenistanly mekdep okuwçylary ÝUNESKO-nyň «Deň mümkinçilikleriň sungaty: sport we emeli aň» atly sebitleýin bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdiler. Has takygy, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler ulgamyna girýän Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Gözel Täçgulyýewa, Jennet Nurmuhammedowa we Arzuw Orazowa bäsleşikde ýeňiji boldular.
Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin niýetlenen bu bäsleşik ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki Sebit edarasy tarapyndan Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň Milli federasiýasy, Beýik Britaniýanyň Astanadaky ilçihanasy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ÝUNESKO klublarynyň Assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri iki ugur boýunça kabul edildi: «Zenanlar we emeli aň» hem-de «Sport dünýäsinde zenanlar».
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 18 ýaşdan kiçi ýaş suratkeşleriň 25 sany iň gowy işi saýlanyp alyndy.
Türkmenistanyň adyndan gatnaşan okuwçylaryň mugallym-ýolbaşçysy Jeren Badyýewa gatnaşyjylary taýýarlamakdaky pedagogik goldawy we goşandy üçin ýörite şahadatnama bilen sylaglanyldy.
3 — 8-nji dekabr aralygynda Almaty şäherinde geçirilen jemleýji sergide bäsleşigiň iň gowy 25 işi, şol sanda türkmen ýaşlarynyň işleri hem görkezildi.
Ýeňijiler şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

