Meşhur kino ýyldyzy Jeki Çan gadymy Pompeýiň harabalyklarynyň içi bilen Milanda geçjek gyşky Oýunlaryň badalgasy wagty olimpiýa alawyny göterip geçdi diýip, «NBC News» habar berdi.
Sişenbede italýan futbol ýyldyzlary Fabio Kannawari we Çiro Ferrara hem dogduk Neapoldan elleri alawly geçdiler, dabarany dowam etdirmek ol ýerde Roždestwo çenli saklandy.
Olimpiýa alawyny götermek 12 müň kilometri öz içine alar we italýan ülkeleriniň 110-syny kesip geçer. 6-njy fewralda ol Milandaky San-Siro stadionyna eltiler.

