Indoneziýanyň Sumatra adasynda noýabryň ahyrynda bolup geçen sil joşgunlarydyr süýşgünler netijesinde 100-den gowrak medeni miras obýektlerine, şol sanda muzeýlere we taryhy aramgählere zeper ýetdi. Bu barada Respublikanyň medeniýet ministri Fadli Zon habar berdi diýip, TASS ýazýar. Ministr ilkibaşda olaryň sanynyň 70-e ýetendigini, soňra 100-den geçendigini aýtdy.
Fadla Zon hökümetiň ejir çeken medeni binalary öwrenýändigini habar berdi. Deslapky maglumatlara görä, medeni mirasyň obýektleriniň köpüsine ujypsyz şikes ýetipdir. Olary abatlamak işlerine golaý wagtda başlanylar.
Sebitde noýabryň aýagynda bolan suw süýşmeleri netijesinde, ýaşaýyş jaýlaryna, ýollara we infrastruktura zeper ýetendigi aýdylýar.
Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklar agentligine salgylanýan TASS şeýle hem Sumatrada bolan tebigy hadysalarda 1106 adamyň gurban bolandygyny, 175 adamyň dereksiz ýitendigini, 7 müň töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berýär.

