Moskwanyň «Dinamo»futbol kluby Rolan Gusewi toparyň baş tälimçisi wezipesine tassyklady — diýip, klubyň metbugat gullugy habar berýär. 47 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama häzirki möwsümiň ahyryna çenli dowam eder.
Gusew 17-nji noýabrda «Dinamo» toparynyň tälimçiliginden çekilen Waleriý Karpiniň ornuna wagtlaýyn baş tälimçi bolup çykyş etdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Russiýanyň çempionatynda birnäçe duşuşyk geçirdi.
Rolan Gusew 1977-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda doguldy. 7 ýaşynda Aşgabadyň Merkezi futbol mekdebinde futbol bilen meşgullanyp başlady. 1986-njy ýylda maşgalasy Moskwa göçdi we ýaş futbolçy «Dinamo» akademiýasynda okuwyny dowam etdirdi.
«Bir wagtlar futboldaky ilkinji ädimlerimi eden öz klubumy ýolbaşçy hökmünde dolandyrmak meniň üçin bu uly hormatdyr. Muşdaklarymyzyň we ýolbaşçylarymyzyň öňde goýan ähli jogapkärçiligine we menden nämä garaşýandyklaryna doly düşünýärin. «Dinamo» — hemişe iň ýokary orunlar üçin göreşmeli beýik klubdyr» — diýip, klubuň metbugat gullugy Gusewiň sözlerini getirýär.
Futbolçy hökmünde Gusew Moskwanyň «Dinamo» we SSKA toparlarynda, şeýle hem Ukrainanyň «Dnepr» we «Arsenal» toparlarynda çykyş etdi. Iň uly üstünliklerini CSKA toparynda gazandy: üç gezek Russiýanyň çempiony boldy (2003, 2005, 2006), dört gezek ýurduň Kubogyny, iki gezek Superkubogy gazandy. 2004/05-nji ýylyň möwsüminde UEFA Kubogyny eýeledi. Russiýanyň milli ýygyndysynda 28 oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi.
Futbol oýunçysynyň ýoluny tamamlandan soň SSKA ulgamynda tälimçi bolup işledi — ýaşlar toparyna ýolbaşçylyk etdi we Russiýanyň ýaşlar çempionatynda birinjiligi eýeledi, şeýle hem ýurduň ýaşlar ýygyndylaryny taýýarlamak bilen meşgullandy. «Dinamo» toparyna bolsa baş tälimçiniň kömekçisi hökmünde geçdi.
Russiýanyň Premýer-ligasynyň häzirki möwsüminiň 18 tapgyrynyň netijesine görä, «Dinamo» 21 utuk bilen 10-njy orunda barýar.

