Balkan welaýatynda Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň tagallalary netijesinde welaýatyň ähli söwda nokatlarynda baýramçylyk söwdalaryna giň gerim berildi. Olarda azyk we senagat önümleriniň hem-de sowgatlyk harytlaryň bolçulygy döredildi.
Baýramçylyk mynasybetli welaýatyň söwda bazarlarynda azyk önümleriniň görnüşleriniň köpdürlüligi, Täze ýyl baýramçylygynyň bezegi bolan älemgoşar öwüşginli zerler, jäjekler, oýnawaçlar, çyrajyklar, arçalar we beýleki sowgatlar bada-bat gözüňe ilýär.
Gyzylarbat, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki döwrebap ýyladyşhanalaryň ter gök önümleri welaýatyň göçme söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýär. Elýeterli bahalardan satylýan ýokary hilli et, süýt, gök, bakja önümleri we miweleri söwda nokatlarynda aýratyn orun tutýar. Owadan gaplara gaplanan Täze ýyl sowgatlaryna alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşmesi Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ilatyň azyk we senagat harytlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak, bazarlaryň köpdürli harytlardan bolelin üpjün bolmagyny gazanmak maksady bilen, welaýatyň ähli etrap-şäherlerinde jemi 100-den gowrak göçme söwda nokatlaryny açdy. Olar 2026-njy ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

