«Arkadag» futbol kluby Täze ýylyň öňüsyrasynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň möhüm duşuşygynda ýeňiş gazanyp, türkmen janköýerlerini begendirmegi niýet edinýär. Bu barada toparyň baş tälimçisi Röwşen Muhadow Bahreýniň «Al-Haldia» toparyna garşy toparçalaýyn tapgyryň altynjy oýnundan öň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
«Dekabr aýynyň soňy, Täze ýylyň öňüsyrasy. Biz klubymyzyň janköýerlerine goşa sowgat etmek isleýäris — hem ýeňiş bilen, şeýle-de Täze ýyl bilen» — diýip, Muhadow belledi.
Duşuşyk 24-nji dekabrda ýerli wagt bilen sagat 21:00-da Arkadag stadionynda geçiriler.
Toparçada häzir ýagdaý örän dartgynly: Kataryň «Al-Ahli» topary 7 utuk bilen liderlik edýär, «Al-Haldia» 6 utuk bilen ikinji orunda barýar, Özbegistanyň «Andižan» topary 5 utuk toplady, «Arkadag» bolsa 4 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär. Indiki tapgyra ilkinji iki topar çykmaly, şonuň üçin ähli dört klub hem pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklap galýar.
Arkadagdaky oýun bilen bir wagtda Dohada «Al-Ahli» bilen «Andižan» toparlarynyň duşuşygy geçiriler, onuň netijesi hem umumy ýagdaýy kesgitlemekde täsir eder. Ýöne Muhadow toparynyň şol oýna üns bermejekdigini beýan etdi: «Biz öz oýnumyz barada pikirlenmeli, ünsi öz oýnumyza jemlemeli. Biz islendik ýagdaýda ýeňmelidiris, soň bolsa ýagdaý nähili bolsa göreris» — diýip, baş tälimçi nygtady.
Möhüm oýna taýýarlyk barada gürrüň berende, «Arkadagyň» tälimçisi toparyň Türkmenistanyň çempionatynyň soňky tapgyrlaryny ýeňil tertipde geçirendigini belledi. «Biz düzümde biraz üýtgetme geçirdik, muny esasy oýunçylara dynç bermek üçin etdik. Hemmesini şu oýna iň amatly ýagdaýda taýýarlamak üçin düzümi sazladyk» - diýip, Muhadow düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, öň şikes alan oýunçylar bejergi we dikeldiş işlerini dowam etdirýärler. Baş tälimçi toparyň ýaş futbolçylarynyň ösüşini hem belläp, olaryň kämilliginiň artýandygyny we ýakyn wagtda kluba peýdaly bolup biljekdiklerini aýtdy.
«Men ýaryş başlamazdan öň bu toparçanyň örän deňagramlydygyny we islendik klubyň indiki tapgyra çykyp biljekdigini aýdypdym. Bu şeýledirem — hemme zat soňky minuta çenli çözülýär. Birinji orundan soňky orna çenli aralyk bary-ýogy üç utuk» — diýip, Muhadow sözüni jemledi.

