2025-nji ýylda bitkoine maýa goýan britan kompaniýalary onuň hümmediniň pese gaçmagy sebäpli 80 million funt sterling (106 mln dollar) ýitirdiler diýip, «Telegraph» neşirinde çap edilen makala salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
London biržasynda kotirlenýän kompaniýalar 2025-nji ýylda kriptopul satyn almak üçin 360 mln funt sterling sarp etdiler. Gazetiň ýazmagyna görä, olar bitkoini gymmat döwri satyn alypdyrlar. Ýagny 13 kompaniýa 4300 sany bitkoini 113,1 müň dollara satyn alypdyr, häzir bolsa sanly puluň hümmedi 88 müň dollar töweregi. Jemi alnanda, umumy ýitgi 79,1 million funt sterlingi düzüpdir.
Neşiriň ýazmagyna görä, bitkoiniň geçen ýyl nyrhynyň gymmatlamagy Donald Trampyň ABŞ-daky saýlawlarda ýeňiş gazanmagy we onuň edarasynyň kriptopullara oňyn garajakdygy barada umyt bilen bagly bolupdyr.
Emma 2025-nji ýylda onuň bahasy 12 göterime golaý arzanlapdyr. Bitkoine maýa goýýan britanlaryň sany-da 12 göterim bolanlygyndan 8 göterime çenli azalypdyr.

