Bolgariýaly merhum palman Wanganyň yzyna eýerijiler onuň 2026-njy ýyl barada duýduryş berendigini nygtaýarlar: Wanganyň sözlerine görä, geljek ýylda adamzat özüniň hetden aşandygyna düşüner derejä ýeter diýip, «Daily Express» tabloidi ýazýar.
Makalada palçy enäniň aýdanlarynyň tehnologiýa hem-de özüňi alyp barşa degişlidigi nygtalýar. Ol adamzadyň geljek ýylda ahlak we tehnologik serhetlerden aşandygyna düşünjekdigini duýdyrypdyr. Gürrüň onuň şeýle hem ylmyň we lukmançylygyň gözegçiliksiz ösüşini göz öňünde tutandygy barada barýar.
Wanganyň ykdysady heläkçilik barada aýdanlarynyň köp halatda 2025-nji ýyla degişlidigine garamazdan, maliýe durnuksyzlygyň 2026-njy ýylda hem dowam etmegi mümkin diýip, «Daily Express» belleýär.

