Tehniki näsazlyk sebäpli Aşgabada mejbury gonuşy amala aşyran «Ural awiaýollary» awiakompaniýasynyň uçarynyň ýolagçylary ätiýaçlyk uçar arkaly Ýekaterinburga ugradyldy diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Dubaý – Ýekaterinburg ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan uçar 22-nji dekabrda agşam Aşgabadyň Halkara howa menziline mejbury gonmaly boldy. Howa menziliniň işgärleriniň hem-de beýleki degişli edaralaryň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde, ähli ýolagçylara we ekipažyň agzalaryna öz wagtynda zerur kömek berildi. Ýolagçylar paýtagtdaky myhmanhanalaryň birine ýerleşdirildi, olar suw we zerur azyk önümleri bilen üpjün edildi diýlip, habarda bellenilýär.
Aşgabat wagty bilen irden sagat 6:40-da ähli ýolagçylar Russiýadan gelen ätiýaçlyk uçar bilen Ýekaterinburg şäherine uçdular. Ilçihana goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

