«Sony Corporation» kompaniýasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen birnäçe ýyldan bäri ýygjam gatnaşyklary saklaýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda kompaniýa ýaýlyma goýberiş ulgamyna degişli dürli enjamlar bilen üpjün etmek babatda hyzmatlaryny hödürledi.
— Häzirki wagtda tutuş dünýäde ýaýlyma goýberiş işi 4K görnüşine geçip başlady. Bu çözgüt şu günlerde giňden ulanylýan Full HD formatyndan 4 esse köp piksel hödürläp, ekrandaky şekilleri has dury görkezmäge şert döredýär. Şoňa görä, «Sony» kompaniýasy hem telewizorlarda Full HD formatyndan 4K görnüşine geçmek üçin iş alyp barýar. Bu ugurda esasy taslamany işläp düzüp, ony diňe bir enjamlaşdyrmakda däl, eýsem, degişli ylmy gözlegleri geçirmekde-de peýdalanmak isleýäris — diýip, kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Toşihiro Takami «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda belledi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen gol çekilen Ähtnamanyň çäginde «Sony Corporation» kompaniýasy tarapyndan türkmen hünärmenleri üçin hem bu ugurda tälim beriş okuwlaryny geçirmek maksat edinilýär.

