Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhmedow Russiýa Fedarasiýasyna iş saparynyň çäklerinde, ozal habar berşimiz ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Russiýa Fedarasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet Ermitaž muzeýine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary Ermitaž muzeýine aýlanyp gördüler. GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna bu ýerde antik döwrüniň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem muzeýde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr.
Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir ýola mähirli mübärekledi. Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine syn berildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, geljek üçin wezipeler kesgitlendi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şonuň ýaly hem Wladimir Putin 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini gutlady we üstülikleri arzuw etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Türkmenistana ugrady.

