Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa döwletine iş saparynyň çäklerinde birnäçe Ähtnamalara gol çekildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, hem-de şol uniwersitet bilen talyp alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle-de Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnamalar Türkmenistan bilen Ýaponiýa döwletiniň ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti häzirki wagta çenli Ýaponiýa döwletiniň bilim edaralary hem-de kompaniýalarynyň jemi 10-sy bilen Ähtnamalara gol çekişdi.
Ähtnamalaryň maksady ylym we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, bilelikdäki maksatnamany döretmekden we özara gyzyklanma bildirilýän ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekden, kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.

