Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň täze eseri — «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ulag‑aragatnaşyk ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyş edenler neşiriň türkmen halky üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçiligi üçin aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri ýurduň taryhy mirasyny we gazanan üstünliklerini wasp edýän bu kitabyň dürli ugurlarda işleýän hünärmenler, alymlar we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin gymmatly gollanma boljakdygyny nygtadylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň üstünliklerini wasp edýän aýdym‑saz eserleri ýerine ýetirildi. Gatnaşyjylar kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Prezidenti we tutuş türkmen halkyny gutlap, onuň milletiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny bellediler.

