Ženewada Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Sekretariatyny döretmek baradaky resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriň ekologiýa ministrleri tarapyndan döredilen ýörite toparyň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp , «Report» azerbaýjan saýty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk Konwensiýanyň Sekretariatynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan wekiller gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Konwensiýanyň Sekretariatynyň döredilmeginiň konseptual esaslary boýunça pikir alyşmalar dowam etdi.
Taraplar Sekretariatyň Hazar deňzi sebitinde ýerleşdirilmegi bilen bagly institusional mehanizmler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň çäginde Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi bilen bagly hereketleriň Meýilnamasynyň taslamasy boýunça geçirilýän ara alyp maslahatlaşmalaryň ýagdaýy barada hem gatnaşyjylara maglumat berildi.

