Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen türgen Baýramdurdy Nurmuhammedow 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Gazetiň şu günki sanynda çap edilen degişli resmi habarda şeýle bellenilýär: «2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Magtymguly etrabyndaky sport mekdebiniň boks boýunça tälimçi-mugallymy Baýramdurdy Nurmuhammet ogly Nurmuhammedowyň sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi».
Baýramdurdy Nurmuhammedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Boks boýunça dünýä çempionatynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Halkara Boks assosiasiýasynyň howandarlygynda guralan bu abraýly ýaryşa 109 ýurtdan 428 türgen gatnaşdy.

