Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, iş saparynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Sammit tamamlanandan soňra onuň işi plenar mejlisinde dowam etdi. Mejlisiň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça Bilelikdäki metbugat beýanaty kabul edildi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Tokio şäheriniň «Hanede» Halkara howa menziline geldi we Ýaponiýa bolan iş saparyny tamamlap, bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soň, döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

