Şu gün Aşgabat şäherinde dürli ugurlarda üstünlikli zähmet çekýän türkmenistanlylara «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň edara binasynda hem-de Döwlet Medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» guralan dabaralarda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge uly şahsy goşant goşan, ýurtda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanan raýatlaryň ençemesine degişli sylaglar gowşuryldy.
«Munuň özi meniň üçin ýatdan çykmajak pursat. Gadryň bilinmegi, çekýän zähmetiňe mynasyp baha berilmegi adamy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanmagym meni mundan beýläk-de döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmaga borçlandyrýar», diýip, ýubileý medaly bilen sylaglanan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow gürrüň berdi.

